MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowanyň wepaly söýgüsinden görelde alyň
Ýehowanyň wepaly söýgüsi deňsiz-taýsyz (Zb 103:11). Şeýle söýgi ýürekden çykýar. Ol hiç haçan sowamaýar, gaýtam gün-günden berkeýär. Ýehowa ysraýyl halkyny söýýändigini ençeme gezek subut etdi. Ol ysraýyllary Müsür gulçulygyndan azat edip, Wada edilen ýurda getirdi (Zb 105:42—44). Allatagala halkyny goramak üçin duşmanlar bilen söweşdi. Ysraýyllar gaýta-gaýta günä etse-de, olary ýürekden bagyşlady (Zb 107:19, 20). Biz Ýehowadan görelde almak üçin «wepaly söýgüsi hakda çuňňur oýlanmaly» (Zb 107:43).
«ÝEHOWANYŇ WEPALY SÖÝGÜSI HAKDA ÇUŇŇUR OÝLANYŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Biz wepaly söýgini nädip görkezip bileris?
-
Wepaly söýgini görkezmek näme üçin käte aňsat bolmaýar?