HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Nehemýa janaýaman hyzmat edýärdi
Nehemýa ygtyýaryny öz bähbidi üçin ulanmady (Neh 5:14, 15, 17, 18; w02 1/11 sah. 27, abz. 3)
Nehemýa gurluşyga diňe bir gözegçilik etmän, özi hem zähmet çekdi (Neh 5:16; w16.09 sah. 6, abz. 16)
Nehemýa Ýehowadan eden ýagşylyklaryny unutmazlygy haýyş etdi (Neh 5:19; w00 1/2 sah. 32)
Nehemýa häkim bolsa-da, aýratyn hormat goýulmagyna garaşmaýardy. Ol ýygnakda jogapkärçiligi bolan doganlara gowy görelde galdyrdy.
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Men başgalara janaýaman hyzmat edýärinmi ýa-da özüme hyzmat edilmegine garaşýarynmy?»