Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Olar janaýaman gulluk edýärler

Olar janaýaman gulluk edýärler

Etrap gözegçileri we aýallary dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin janaýaman gulluk edýärler. Her birimizde bolşy ýaly, olaryň hem özüne ýetik aladasy bar. Käwagt olaram ýadaýar we ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar. Muňa garamazdan, olar her hepde bellenen ýygnagyndaky dogan-uýalary ruhlandyrmaga jan edýärler. Dogrudan-da, etrap gözegçileri «iki esse hormata» mynasyp (1Tm 5:17).

Pawlus resul Rimdäki mesihçileriň imanyny berkidesi gelýärdi. Şeýle-de dogan-uýalaryň imanyny görüp, özi hem ruhlanmak isleýärdi (Rim 1:11, 12). Siz etrap gözegçiňizi we aýalyny nädip ruhlandyryp bilersiňiz?

«ETRAP GÖZEGÇISINIŇ DURMUŞY» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Etrap gözegçisi bilen aýaly nädip janaýamazlyk görkezýärler?

  • Olaryň gullugy dogan-uýalara nähili peýda berýär?

  • Biz olary nädip ruhlandyryp bileris?