Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26 awgust—1 sentýabr

ZEBUR 78

26 awgust—1 sentýabr

97-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Dönük ysraýyllardan sapak ediniň

(10 min)

Ysraýyllar Ýehowanyň gudratlaryny gözi bilen görseler-de, ýatdan çykardylar (Zb 78:11, 42; w96 1/12 sah. 29, 30)

Ysraýyllar Ýehowanyň ýagşylyklarynyň gadyryny bilmediler (Zb 78:19; w06 15/7 sah. 17, abz. 16)

Olar ýalňyşyndan sapak edinmegiň deregine, Ýehowany gaýta-gaýta gynandyrdylar (Zb 78:40, 41, 56, 57; w11 1/7 sah. 10, abz. 3, 4)


OÝLANMAK ÜÇIN SORAG: Bize Ýehowa wepaly bolmaga näme kömek eder?

2. Dürdäne pikirler

(10 min)

  • Zb 78:24, 25. Näme üçin manna «asmanyň gallasy» we «perişdeleriň çöregi» diýilýär? (w06 15/7 sah. 11, abz. 4)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 5, abz. 5).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Haýsam bolsa bir kitapçadaky tema boýunça gürrüňdeşlige başla. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 5, abz. 4).

6. Gürrüňdeşlige başlaň

(1 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi howlugýandygyny aýdýar. Mukaddes Kitap okuwyny gysgaça teklip et (lmd sapak 2, abz. 5).

7. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap hakda agzama. Ýöne adam gürrüňdeşligiň dowamynda seniň Ýehowanyň Şaýadydygyňy bilsin. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 2, abz. 4).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

96-njy aýdym

8. Hoş habarçy Filipusdan görelde alyň

(15 min) Söhbetdeşlik.

Mukaddes Kitapda gowy we erbet adamlar hakda aýdylýar. Olar barada okap öwrenmek üçin wagt tapmaly we tagalla etmeli. Mukaddes Kitapdaky wakalary okanymyzda, oýlanmaly we öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly.

Filipus paýhasly we göreldeli mesihçidi, onda Hudaýyň mukaddes ruhy bardy (Res 6:3, 5). Biz ondan nädip görelde alyp bileris?

«Olardan görelde alyň — hoş habarçy Filipus» diýen wideony görkez. Soňra dogan-uýalara aşakdaky soraglary berip, Filipusdan näme öwrenendiklerini sora.

  • Ýagdaý üýtgände Filipus näme etdi? (Res 8:1, 4, 5).

  • Filipus baran ýerinde hoş habary wagyz edip, nähili bereketleri aldy? (Res 8:6—8, 26—31, 34—40).

  • Filipus we onuň maşgalasy myhmansöýerligini nädip görkezdi? (Res 21:8—10).

  • Wideodaky maşgala Filipusyň göreldesine eýerip nähili bereketleri aldy?

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min) | 101-nji aýdym we doga