Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5—11 awgust

ZEBUR 70—72

5—11 awgust

59-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. «Geljekki nesle» Hudaýyň güýji hakda gürrüň beriň

(10 min)

Ýehowa Dawudy ýaş wagty ençeme gezek gorady (Zb 71:5; w99 1/9 sah. 18, abz. 17)

Ýehowa Dawudyň garrylyk çagynda-da aladasyny etdi (Zb 71:9; g04 8/10 sah. 23, abz. 3)

Dawut Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda nesillerine gürrüň berdi (Zb 71:17, 18; w14 15/1 sah. 23, abz. 4, 5)

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Maşgala okuwynda Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalaryň haýsysy bilen gürrüňdeş bolup bilerin?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min)

  • Zb 72:8. Ýehowanyň 1 Musa 15:18-de Ybraýyma beren wadasy Süleýmanyň höküm süren döwri nädip ýerine ýetdi? (it «Ýewfrat»)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi gaharlanyp dawalaşyp başlasa, gürrüňdeşligi sypaýçylyk bilen tamamla (lmd sapak 4, abz. 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Öň wagyz eden garyndaşyň bilen gürrüňdeş bol. Ol okuw geçmäge ýaýdanýandygyny aýdýar (lmd sapak 8, abz. 4).

6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(5 min) Nutuk (ijwfq 49). Tema: Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir garaýyşlaryny özgertdiler? (th sapak 17)

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

76-njy aýdym

7. Maşgala okuwy üçin maslahatlar

(15 min) Söhbetdeşlik.

Maşgala okuwyny geçirmek örän wajyp, ol çagalary «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi» bilen ulaltmaga kömek edýär (Efs 6:4). Elbetde, çagalara Hudaý barada bilim bermek aňsat däl, ýöne Mukaddes Kitapdaky wakalary gyzykly edip öwretseňiz, olaryň höwesi artar (Ýah 6:27; 1Pe 2:2). Maşgala okuwy peýdaly we gyzykly geçer ýaly, « Maşgala okuwy üçin maslahatlar» diýen çarçuwa seret we aşakdaky soraglary ber.

  • Aşakdaky maslahatlaryň haýsysyna eýeresiňiz gelýär?

  • Maşgala okuwy gyzykly geçer ýaly ýene näme edip bilersiňiz?

«Maşgala okuwyny gyzykly geçiriň» diýen wideony görkez. Soňra şu soragy ber:

  • Maşgalabaşy çagasy bolmasa-da, maşgala okuwyny nädip gyzykly geçirip biler?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min) | 123-nji aýdym we doga