Ýehowa bil baglaň we ýagşylyk ediň
«Naýynsaplara höwesli bakma»
-
Erbet adamlaryň gazanýan üstünlikleri siziň Ýehowa edýän gullugyňyza päsgel bermesin. Ünsüňizi ruhy bereketlere we maksatlaryňyza gönükdiriň.
Ýehowa «bil baglap, ýagşylyk et»
-
Ýehowa bil baglasaňyz, hiç hili şübhelenmersiňiz ýa-da biynjalyk bolmarsyňyz. Ol size wepaly galmaga kömek eder.
-
Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny hemişe wagyz ediň.
Ýehowada «keýplen»
-
Ýehowany gowy tanamak üçin onuň Sözüni okamaga we oýlanmaga ýörite wagt tapyň.
Ýoluňy Ýehowa tabşyr
-
Ýehowa doly bil baglasaň, islendik kynçylykdan baş alyp çykmaga kömek eder.
-
Size garşy gidenlerinde, yzarlanlarynda ýa-da töhmet atanlarynda özüňizi göreldeli alyp baryň.
Ýehowanyň «öňünde ümsüm bol, Oňa sabyrly garaş»
-
Oýlanman hereket etmekden ägä boluň, ýogsa şatlygyňyzy ýitirersiňiz we Ýehowa bilen dostlugyňyz bozular.
«Mylakatlylar ýeri miras alar»
-
Mylakatly boluň we Ýehowanyň siziň duşýan ähli adalatsyzlygyňyzy aýyrmagyna kiçigöwünlilik bilen garaşyň.
-
Dogan-uýalary goldaň we göwnüçökgünlere Hudaýyň wada berýän täze dünýäsiniň örän golaýdygyny aýdyp teselli beriň.