Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Wideolar arkaly öwredýäris.

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Wideolar arkaly öwredýäris.

BU NÄME ÜÇIN WAJYP?

Adamlar wideolary göreninde we eşidende olaryň ýüregine täsir edýär. Wideo ünsüňi jemlemäge kömek edýär we uzak wagtlap ýadyňda galýar. Ýehowa bize wideolar arkaly öwretmek babatda has gowy görelde galdyrdy (Res. iş. 10:9—16; Ylh. 1:1).

Saýtymyzdaky «Hoş habar» atly broşýuranyň 2 we 3-nji sapaklaryna «Hudaýyň ady barmy?», «Mukaddes Ýazgylaryň awtory kim?» we «Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?» diýen wideolar goşuldy. «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?», «Mukaddes Ýazgylar okuwy nädip geçirilýär?» we «Patyşalyk zallarynda nämeler edilýär?» diýen wideolar adamlary Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge ýa-da ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga höweslendirýär. Käbir wideofilmleri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçende hem ulansa bolýar (km 5/13 sah. 3).

MUNY NÄDIP ETMELI?

  • Görkezmek isleýän wideoňyzy öňünden ýükläp alyň.

  • Wideoda berilýän jogaplara görä, birki sany sorag taýýarlaň.

  • Wideony bile görüň.

  • Esasy pikirlere seredip geçiň.

ŞUNY ETMÄGE ÇALŞYŇ:

  • Kitapçalaryň biriniň arkasyny görkezip, «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» diýen wideony açýan QR-ştrihkoda adamyň ünsüni çekiň.

  • «Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?» diýen wideony görkeziň we «Hoş habar» atly broşýuranyň 3-nji sapagyna adamyň ünsüni çekiň.