Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 45—51

Ýehowa ökünçli göwni kemsitmeýär

Ýehowa ökünçli göwni kemsitmeýär

Dawut 51-nji Zebury Natan pygamber oňa Batşeba bilen agyr günä edendigini aýdandan soň ýazýar. Dawudyň ynsaby ezýet berýär we günäsini kiçigöwünlilik bilen boýun alýar (2Şm 12:1—14).

Dawut günä etse-de, Ýehowa bilen gatnaşygyny dikeldip bilýärdi

51:3, 4, 8—12, 17

  • Onuň ynsaby ezýet berdi we ol toba edip, günäsini boýun aldy.

  • Ol Hudaýy razy etmändigi üçin süňkleri döwlen adam ýaly gaty ejir çekýärdi.

  • Ol günäsi bagyşlanyp, ruhy taýdan dikelmek we öňküsi ýaly şadyýan bolmak isleýärdi.

  • Ol kiçigöwünlilik bilen Ýehowadan ýürekden gulak asar ýaly kömek sorady.

  • Ol Ýehowanyň bagyşlajakdygyna ynanýardy.