Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

«Patyşalyga 100 ýyl boldy. Geçmişe ser salyp, öňe gadam basýarys»

«Patyşalyga 100 ýyl boldy. Geçmişe ser salyp, öňe gadam basýarys»

Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bolmak isleýän adamlar Patyşalyk we onuň amala aşyrýan işleri barada ähli zady bilmeli. Näme üçin? Bu biziň Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine imanymyzy berkider we ýüregimiz joşup, adamlara hoş habary gürrüň bermäge höwesimizi artdyrar (Zb 45:1; 49:3). «Patyşalyga 100 ýyl boldy. Geçmişe ser salyp, öňe gadam basýarys» atly wideony göreniňizden soň, aşakdaky soraglara jogap beriň:

  1. «Ýaradylyş fotodramasyny» gören adamlara ol nähili täsir etdi?

  2. Hoş habar radio arkaly adamlara nädip wagyz edildi?

  3. Hoş habary wagyz etmek üçin başga haýsy usullar ulanyldy we nähili netije berdi?

  4. Wagtyň geçmegi bilen, wagyzçylara berilýän tälim nädip gowulandyryldy?

  5. Gilead mekdebinde okaýanlara nähili tälim berildi?

  6. Ýehowanyň halkyna bilim bermekde kongresleriň nähili ähmiýeti bardy?

  7. Siz näme üçin Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine ynanýarsyňyz?

  8. Biz Hudaýyň Patyşalygyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?