Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 52—59

«Ýüküňizi Ýehowanyň üstüne atyň»

«Ýüküňizi Ýehowanyň üstüne atyň»

Dawut durmuşynda köp agyr synaglary başyndan geçirdi. Ol 55-nji Zebury ýazmanka şeýle zatlardan ejir çekipdi...

  • Kemsitmeden

  • Yzarlamadan

  • Ynsaby örän ezýet bermekden

  • Çagasynyň ölüminden

  • Syrkawlykdan

  • Haýynlykdan

Dawudyň derdi çekip-çydardan agyr bolsa-da, ol mundan baş alyp çykýar. Ol özüniňki ýaly kynçylyklary başdan geçirýän adamlara Hudaýyň ylhamy bilen: «Ýüküňizi Ýehowa atyň» diýen maslahaty berýär.

Biz bu maslahata nädip eýerip bileris?

55:22

  1. Kynçylyga uçranyňyzda, gaýga batanyňyzda ýa-da biynjalyk bolanyňyzda Ýehowa gyzgyn doga ediň.

  2. Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly berýän görkezmesini hem-de goldawyny alyň.

  3. Ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerip, eliňizde baryny ediň.