HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
«Hudaý meniň kömekçimdir»
Zebur kitabynyň 52—59-njy baplarynda Dawudyň kynçylyklara uçranda başdan geçiren duýgulary beýan edilýär. Emma şol kyn günlerde-de ol Ýehowa bil baglaýardy (Zb 54:4; 55:22). Şeýle-de ol Ýehowanyň Sözi üçin oňa alkyş aýtdy (Zb 56:10). Bizem Dawut ýaly Hudaýa berk iman edýärismi we Oňa bil baglaýarysmy? Kynçylyklara duş gelenimizde onuň Sözünden görkezme gözleýärismi? (Sült 2:6). Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar size... kömek etdi?
-
ruhdan düşeniňizde ýa-da göwnüçökgün bolanyňyzda...
-
syrkawlanyňyzda...
-
göwnüňize degenlerinde...
-
yzarlamalarda...