MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ene-atalar, çagalaryňyza ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň
Her bir mesihçi ene-ata çagalarynyň Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolmagyny arzuw edýär. Ene-atalar çagalaryna ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny olaryň ýüregine bäbeklikden guýmaly (Kant 6:7; Sült 22:6). Elbetde, munuň üçin köp zatdan geçmeli bolarsyňyz, ýöne bu eden tagallaňyza degýär (3Ýah 4).
Ene-atalar Ýusup bilen Merýemden köp zatlary öwrenip biler. Olar köp tagalla we çykdajy etmeli bolsalar-da, «Pasha baýramyny bellemek üçin her ýyl Iýerusalime gidýärdi» (Lk 2:41). Olar maşgalasynyň ruhy zerurlyklary birinji orunda goýýardy. Şonuň ýaly şu günler hem ene-atalar her bir mümkinçilikden peýdalanyp, sözleri we göreldesi bilen çagalaryny dogry ýola ugrukdyryp biler (Zb 127:3—5).
«OLAR HER MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANDYLAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Jon bilen Şeron Şiller çagalaryny ösdürip ýetişdirende Patyşalygy nädip birinji orunda goýdular?
-
Ene-atalar çagalaryny terbiýelände näme üçin olaryň hersiniň zerurlygyny göz öňünde tutmaly?
-
Ene-atalar çagalaryna imany synalanda berk durmaga nädip kömek edip biler?
-
Çagalaryňyza ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin Ýehowanyň guramasynyň berýän haýsy gurallaryny ulanyp bilersiňiz?