MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Mesihiň yzyna doly eýeriň
Isa, esasan, kynçylyklarda we yzarlamalarda çydamly bolmakda bize görelde galdyrdy (1Pt 2:21—23). Isa kemsidilende-de, hatda görgi görende-de, hiç haçan jogap gaýtarmady (Mr 15:29—32). Oňa çydamly bolmaga näme kömek etdikä? Isa Ýehowanyň islegini berjaý etmegi ýüregine düwüpdi (Ýah 6:38). Şeýle-de ol ünsüni «öňünde goýlan şatlyga» gönükdirdi (Ýew 12:2).
Imanymyz synalanda, biz näme edip bileris? Mesihçiler «ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermeli» däl (Rm 12:14, 17). Kynçylyga uçranymyzda Isanyň çydamlylygyndan görelde alsak, şatlygymyzy ýitirmän bileris we Hudaýyň razylygyny gazanarys (Mt 5:10—12; 1Pt 4:12—14).
«ÝEHOWANYŇ ADY IŇ WAJYP AT» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Potzinger uýamyz bir adamlyk kamerada oturanda wagtyny nädip paýhasly ulandy?
-
Doganymyz we uýamyz Potzinger konslagerlerde nähili kynçylyklara çydadylar?
-
Olara çydamly bolmaga näme kömek etdi?