Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa muňa nähili garar?

Ýehowa muňa nähili garar?

Uly ýa kiçi bolsun, bir karara gelmezden öň, özümize şeýle sorag berip bileris: «Ýehowa muňa nähili garar?» Ýehowanyň pikirine hiç haçan doly düşünip bilmesek-de, Ol bize Sözi arkaly «her bir ýagşy işe» taýýar bolmaga kömek edýär (2Tm 3:16, 17; Rm 11:33, 34). Isa Ýehowanyň islegine gowy düşünýärdi we ony hemişe birinji orunda goýýardy (Ýah 4:34). Geliň, biz hem Isadan görelde alyp, Ýehowa ýaraýan kararlara gelmek üçin elimizde baryny edeliň (Ýah 8:28, 29; Ef 5:15—17).

«ÝEHOWANYŇ ISLEGINIŇ NÄMEDEN YBARATDYGYNA DÜŞÜNJEK BOLUŇ» (LW 19:18) ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Biz näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermeli?

  • Aýdym-saz saýlanymyzda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýermeli?

  • Egin-eşik we daş keşp babatda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýermeli?

  • Ýene haýsy ýagdaýlarda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini ulanmaly?

  • Biz Ýehowanyň islegine nädip has-da gowy düşünip bileris?

Gelýän kararlarymdan Ýehowa bilen dostlugym barada nämäni bilse bolýar?