Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Göwün açma saýlanyňyzda paýhasly boluň

Göwün açma saýlanyňyzda paýhasly boluň

Göwün açma saýlanymyzda näme üçin paýhasly bolmaly? Sebäbi göwün açmak üçin saýlaýan filmlerimiz, aýdym-sazlarymyz, web-saýtlar ýa-da wideooýunlar aňymyza we özümizi alyp barşymyza güýçli täsir edýär. Gynansak-da, häzirki göwün açmalaryň köpüsinde Ýehowanyň ýazgarýan zatlary bar (Zb 11:5; Gl 5:19—21). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Ýehowany şöhratlandyrýan zatlar hakda oýlanmalydygymyz aýdylýar (Fp 4:8).

«DYNÇ ALŞYŇ HAÝSY GÖRNÜŞINI SAÝLAMALY?» ATLY WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Gadymy Rimdäki gladiator söweşleriniň häzirki käbir göwün açmalar bilen näme meňzeşligi bar?

  • Ýaşlara göwün açmany paýhasly saýlamaga dogan-uýalar nädip kömek edip biler?

  • Rimliler 12:9-a görä göwün açmany nädip saýlamaly?

  • Ýaşaýan ýeriňizde nähili peýdaly göwün açmalar bar?