Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | GALATÝALYLAR 4—6

«Bu zatlaryň başga manysynyň» biziň üçin uly ähmiýeti bar

«Bu zatlaryň başga manysynyň» biziň üçin uly ähmiýeti bar

4:24—31

Pawlus resul täze ähtiň Kanun ähtinden has ýokarydygyny görkezmek üçin, onuň «başga manysy» barada aýtdy. Isa Mesihiň we onuň mirasdüşerleriniň ýolbaşçylygynda ähli adamlaryň günäden, bikämillikden, gaýgy-hasratdan we ölümden azat bolmaga mümkinçiligi bar (Iş 25:8, 9).

 

HAJAR — GYRNAK

Paýtagty Iýerusalim bolan Kanun ähti astyndaky gadymy Ysraýyl

SARA — AZAT AÝAL

Gökdäki Iýerusalim, ýagny Hudaýyň guramasynyň gökdäki bölegi

HAJARYŇ «ÇAGALARY»

Isany yzarlan we inkär eden (Kanun ähti arkaly Ýehowa gulak asmagy söz beren) ýewreý halky

SARANYŇ «ÇAGALARY»

Mesih we 144 müň mesh edilen mesihçiler

KANUN ÄHTINIŇ GULÇULYGY

Kanun «bedene» degişli ysraýyl halkyna günäniň gulçulygyndadygyny ýatladýardy

TÄZE ÄHT AZAT EDÝÄR

Mesihiň töleg gurbanyna iman etmek günäden azat edýär