MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Köp ýyllary arka atan mesihçilerden öwreniň
Ýygnaklarymyzda ençeme ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edýän dogan-uýalarymyz bar. Biz olaryň Ýehowa bil baglaýşyndan köp zatlary öwrenip bilýäris. Olardan guramamyzyň taryhy we Ýehowanyň olara kynçylyklaryndan üstün çykmaga nädip kömek edendigi hakda sorap bileris. Şeýle gadyrly dogan-uýalaryň gyzykly gürrüňlerini diňlär ýaly, olary maşgala okuwyna-da çagyrsak bolýar.
Gartaşan imandaşlarymyz imany hem-de Ýehowanyň olara kömek edişleri hakda ýaşlara höwes bilen gürrüň bermeli. Ýakup bilen Ýusup hem ýaş nesillerine Ýehowanyň özlerine eden ýagşylyklary hakda gürrüň berdiler (1Ms 48:21, 22; 50:24, 25). Şondan birnäçe wagt geçensoň, maşgalabaşylara çagalaryna Ýehowanyň gudratly işleri hakda aýtmak tabşyryldy (5Ms 4:9, 10; Zb 78:4—7). Şu günlerem ene-atalar hem-de ýaşy bir çene ýeten dogan-uýalarymyz ýaşlara Ýehowanyň guramasy arkaly eden işleri barada gürrüň berip biler.
«GADAGAN EDILEN DÖWRI AGZYBIRLIGI SAKLAMAK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Awstriýadaky filial wagyz işi gadagan edilen käbir ýurtlardaky dogan-uýalara nädip kömek etdi?
-
Şol ýurtlardaky dogan-uýalar imanda nädip berk durdular?
-
Rumyniýadaky köp wagyzçylar näme üçin Ýehowanyň guramasyndan aýryldylar we yzyna nädip dolandylar?
-
Şu wakalar imanyňyzy berkidýärmi?