Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 11—18

Ýehowanyň çadyrynda kim mesgen tutup biler?

Ýehowanyň çadyrynda kim mesgen tutup biler?

Hudaýa bil baglaýan we gulak asýan adam onuň dosty bolup, Ýehowanyň çadyrynda mesgen tutup biler. Zebur kitabynyň 15-nji babynda Ýehowanyň dosty bolmak üçin näme talap edilýändigi aýdylýar.

ÝEHOWANYŇ ÇADYRYNDA MESGEN TUTÝAN ADAM...

  • wepaly bolmaly we dogry işleri etmeli.

  • ýüreginden hakykaty sözlemeli.

  • Ýehowanyň gullukçylaryna hormat goýýandygyny görkezmeli.

  • kyn bolsa-da, beren sözünde tapylmaly.

  • tamakin bolman, mätäçlere kömek etmeli.

ÝEHOWANYŇ ÇADYRYNDA MESGEN TUTÝAN ADAM...

  • gybat etmeýär we töhmet atmaýar.

  • ýakynyna ýamanlyk etmeýär.

  • dogan-uýalary öz bähbidi üçin peýdalanmaýar.

  • Ýehowa gulluk etmeýän ýa-da gulak asmaýan adamlar bilen dostlaşmaýar.

  • para almaýar.