Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

«JW Library» programmany ulanmagyň usullary

«JW Library» programmany ulanmagyň usullary

ÖWRENMEK ÜÇIN:

  • Mukaddes Ýazgylary we her günki aýady okaň.

  • Žurnallary we başga edebiýatlary okaň. Bellik funksiýasyny ulanyň.

  • Ýygnaga taýýarlananyňyzda jogaplary tapawutlandyrmak üçin bellik ediň.

  • Wideo görüň.

ÝYGNAKDA:

  • Nutukçynyň aýdýan aýatlaryny agtaryň. Açan aýadyňyza dolanmak üçin taryh funksiýasyny ulanyň.

  • Duşuşyga köp edebiýat getirmän hem ýygnagyň ähli bölümlerinde elektron enjamyňyz arkaly yzarlap, aýdymlary aýdyp bilersiňiz. «JW Library» programmada aýdym kitapda bolmadyk täze aýdymlar hem bar.

WAGYZDA:

  • Gyzyklanan adama «JW Library» programmadan bir zat görkezip, oňa öz elektron enjamyna şol programmany we edebiýatlary ýüklemegi öwrediň.

  • Aýady tapmak üçin gözleg funksiýasyny ulanyň. Siz şol ýere esasy sözi ýa-da jümläni ýazyp bilersiňiz.

  • Wideo görkeziň. Eger gyzyklanan adamyň çagasy bar bolsa, «Ýehowanyň dosty bol» (rus.) diýen multfilmleriň birini görkeziň. Ýa-da siz «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» diýen wideoroligi görkezip, adamyň Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge höwesini artdyryp bilersiňiz. Eger adam başga dilde gepleýän bolsa, oňa wideoroligi öz dilinde görkeziň.

  • Adama başga dildäki aýady görkezmek üçin, öň ýükläp alan terjimäňizi ulanyň. Aýady tapyp, onuň üstüne basyň, soňra parallel aýady açýan düwmä basyň.