HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
«JW Library» programmany ulanýarsyňyzmy?
«JW Library» mugt programma bolup, siz onuň kömegi bilen telefona, planşede ýa-da kompýutere Mukaddes Ýazgylary we beýleki edebiýatlary, wideo hem-de audio ýazgylaryny ýükläp bilersiňiz.
OŇA NÄDIP GIRMELI? Internetden app store programmanyň (programmalaryň ýüklenýän ýeriniň) kömegi bilen «JW Library» programmany gurnamaly. Bu programma dürli enjamlar üçin niýetlenen. Internede gireniňizde programmany açyp, öz elektron enjamyňyza ýüklemek isleýän zadyňyzy saýlaň. Eger siziň öýüňizde Internet ýok bolsa, onda siz Internet kafede ýa-da başga internede girip bolýan ýerlerde ýükläp bilersiňiz. Siziň enjamyňyza edebiýatlar öň bir gezek ýüklenen bolsa, onda olary açmak üçin Internede girmek hökman däl. «JW Library» programmasyna täze funksiýalar girizilýändigi üçin wagtal-wagtal Internede girip, täzelenen programmany gurnaň.
ONY NÄME ÜÇIN ULANMALY? «JW Library» programmasy şahsy okuw geçirmek we ýygnak duşuşyklarynda yzarlamak üçin örän amatly. Şeýle-de ol wagyzda, esasanam, resmi däl ýagdaýda wagyz edeniňizde peýdaly bolup biler.