Wagyz üçin teklip
«MUKADDES ÝAZGYLAR ÖWREDÝÄR»
Sorag: Käbir adamlar dünýä Hudaýyň gol astynda diýip pikir edýär. Emma Hudaýyň Sözünde beýle diýilmeýär. Siz bu barada eşitdiňizmi?
Aýat: 1Ýah 5:19
Edebiýat: Bu kitap bize Hudaý barada köpräk bilmäge kömek edýär (bh 1-nji baba serediň).
Sorag: Siziň pikiriňizçe, şu sözler haçanam bolsa ýerine ýetermikä?
Aýat: Ylh 21:3, 4
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň bu wadasyny nädip ýerine ýetirjekdigi we munuň size näme peýda berýändigi barada aýdylýar.
Sorag: Hudaýyň ady barmyka? Köp adamlar Hudaýyň ady ýok, käbirleri bolsa onuň 99 ady bar diýýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz?
Aýat: Zb 8:1
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ady barada aýdylýar.
ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ
Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.