Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Maşgalaňyzy söýüň

Maşgalaňyzy söýüň

Söýgi maşgalany agzybir edýär. Maşgala agzalary bir-birini söýmese, eginme-egin işleşip, birek-biregini goldap bilmeýär. Är-aýallar we ene-atalar nädip maşgalasyny söýüp biler?

Maşgalasyny söýýän erkek adam aýalynyň duýgusyny, pikirini göz öňünde tutýar we gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýar (Efs 5:28, 29). Ol maşgalasyny iýdirip-geýdirip, yzygider maşgala okuwyny geçirip, ruhy taýdan sagdyn bolmagynyň aladasyny edýär (1Tm 5:8). Maşgalasyny söýýän aýal ärine tabyn bolýar we «çuňňur hormat» goýýar (Efs 5:22, 33; 1Pe 3:1—6). Är-aýalyň ikisem bir-birini ýürekden bagyşlamaly (Efs 4:32). Maşgalasyny söýýän ene-atalar çagalarynyň her biriniň aladasyny edip, Ýehowany söýmegi öwredýärler (5Ms 6:6, 7; Efs 6:4). Olar çagalarynyň mekdepde nähili kynçylyklara duşýandygy we deň-duşlarynyň täsirine nädip garşy durýandygy barada gyzyklanyp durmaly. Maşgala ojagynda söýgi bolsa, hemmeler özüni rahat hem-de arkaýyn duýarlar.

«MAŞGALADA SÖÝGIMIZI BILDIRÝÄRIS» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Maşgalabaşy aýalyny söýýändigini we aladasyny edýändigini nädip görkezýär?

  • Maşgalasyny söýýän aýal ärine nädip çuňňur hormat goýýar?

  • Mähirli ene-atalar çagalarynyň aňyna hem ýüregine Hudaýyň Sözüni nädip guýýar?