Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ

Yhlasly öwrediň

Yhlasly öwrediň

Siziň yhlaslydygyňyzy görüp, başgalaryň hem yhlasly bolasy geler. Yhlasly öwredeniňizde, adamlar siziň aýdýan hoş habaryňyzy ünsli diňlär. Şeýle-de wagyz etmek hormatyny gymmat saýýandygyňyzy görkezýärsiňiz. Milletiňize, alan terbiýäňize, çekinjeňligiňize garamazdan, yhlasly wagyz ediň (Rim 12:11). Nädip yhlasly bolup bilersiňiz?

Birinjiden, wagyz etmek işiniň wajypdygyna düşüniň. Hoş habary wagyz etmegiň uly hormatdygyny ýatdan çykarmaň (Rim 10:15). Ikinjiden, hoş habaryň adamlara berjek peýdasy barada oýlanyň. Eger siz adamlara wagyz etmeseňiz, olar hak Hudaýy tanap bilmez (Rim 10:13, 14). Üçünjiden, siziň yhlasyňyz ýüz-gözüňizden we hereketiňizden görünmeli.

«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. YHLASLY ÖWREDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Nitanyň näme üçin yhlasy gowşady?

  • Nitanyň ýene-de yhlasly bolmagyna näme kömek etdi?

  • Siziň yhlaslydygyňyzy görüp, başgalaryň hem yhlasly bolasy geler

    Biz näme üçin okuw geçýänlerimiziň gowy häsiýetlerine üns bermeli?

  • Biziň yhlaslylygymyz okuw geçýänlerimize we dogan-uýalara nähili täsir edip biler?