WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Mysallar arkaly düşündiriň
Gaýtadan ideg edýänlerimize ýa-da Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerimize esasy pikire düşünmäge kömek etmeli. Esasy pikirleri mysallar arkaly düşündirsek, gyzyklanýan adamlaryň ýüregine täsir eder we öwrenen zatlary ýadynda galar.
Gaýtadan ideg etmäge ýa-da Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge taýýarlananyňyzda, mysallar arkaly düşündirjek esasy pikirleriňizi belläp çykyň. Olary jikme-jik bellemek hökman däl. Şeýle-de taýýarlaýan mysalyňyz ýönekeý bolsun (Mat 5:14—16; Mar 2:21; Luk 14:7—11). Adamyň medeniýetini, gyzyklanýan zatlaryny we edýän işini göz öňünde tutuň (Luk 5:2—11; Ýah 4:7—15). Gyzyklanýan adamyň mysallar arkaly esasy pikire düşünendigini göreniňizde, begenjiňiziň çägi bolmaz.
«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. MYSALLAR ARKALY DÜŞÜNDIRIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Gyzyklanýan adama Mukaddes Kitapdaky aýada düşünmäge näme üçin kömek etmeli?
-
Nita Rimliler 5:12-ni haýsy mysal arkaly düşündirdi?
-
Mysal arkaly düşündirmek näme üçin wajyp?
-
Biz näme üçin wagyzda guramamyzyň taýýarlaýan wideolaryny we «Okuw esbaplaryny» ökdelik bilen ulanmaly?