Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Temmi Ýehowanyň bizi söýýändigini görkezýär

Temmi Ýehowanyň bizi söýýändigini görkezýär

Temmi diýlende, tälim bermek we öwretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de söz ýa-da hereket bilen çäre görmegi aňladýar. Käte Ýehowa-da bize temmi berýär. Sebäbi ol biziň dogry ýoldan sowulmagymyzy islemeýär (Rim 12:1; Ýew 12:10, 11). Käwagt temmi alan adam özüni erbet duýup bilýär, ýöne ol temmini kabul etse, köp bereketleri alar (Nak 10:7). Ýöne temmi berýän we alýan adam nämäni ýatdan çykarmaly däl?

Temmi berýän adam. Ýaşulular, ene-atalar we ygtyýary bolan adamlar Ýehowadan görelde alyp, temmi berenlerinde mähirli we ýumşak bolmaly (Ýer 46:28). Hatda berk temmi berlende-de, adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, mähirli bolmaly (Tit 1:13).

Temmi alýan adam. Nähili temmi berilse-de, biz ony şol bada kabul etjek bolmaly (Nak 3:11, 12). Biz köp ýalňyşýandygymyz üçin her dürli ýollar bilen temmi almaly bolýarys. Meselem, Mukaddes Kitaby okap ýa-da ýygnaklarda eşidýän zatlarymyz arkaly terbiýe alýarys. Emma käbir dogan-uýalara Düzediş komiteti tarapyndan temmi berilýär. Eger häzirden temmini kabul etsek, onda ebedi ýaşaýşa gowşarys (Nak 10:17).

«ÝEHOWA SÖÝÝÄNINI TERBIÝELEÝÄNDIR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Kenan doganyň durmuşy nädip üýtgedi?

  • Ýehowa nädip oňa söýgi bilen düzediş berdi?

  • Söýgi bilen temmi berýän Ýehowadan öwreniň!

    Kenan bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?