MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Erbet höwesleriň guly bolmaň
Biz bikämil bolandygymyz üçin her gün erbet höwesler bilen göreşmeli bolýarys. Erbet höwesleriň guly bolsak, Ýehowany gynandyrarys. Käbirleri baryna kaýyl bolman, gowuja iýip-içmek, geýinmek, kaşaň jaýda ýaşamak üçin puluň yzynda hars urup, Hudaýdan daşlaşdylar. Başgalar bolsa ahlaksyz höwesleriň duzagyna düşüp, Hudaýyň kada-kanunlaryny depelediler (Rim 1:26, 27). Käbirleri ilden çykmajak bolup, Ýehowanyň halamaýan işlerine baş goşdular (2Ms 23:2).
Biz höweslerimiziň guly bolmaz ýaly näme etmeli? Ýehowany razy etmek üçin elimizde baryny etmeli (Mat 4:4). Şeýle-de özümize erk eder ýaly, Ýehowa doga-dileg etmeli. Ol biziň bagtly bolmagymyz üçin nämäniň gerekdigini gowy bilýär. Ýehowa bizi ähli isleg-arzuwlarymyza ýetirer (Zb 145:16).
«ÖMRÜŇI ÇILIM TÜSSESINE BERME» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Käbir adamlar näme üçin çilim çekýär?
-
Çilim çekmegiň nähili zyýany bar?
-
Çilimiň zyýansyz görnüşi barmy? (2Kr 7:1).
-
Çilim hödürleseler näme diýersiň? Ony taşlamak üçin näme etmeli?