Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Adamlaryň Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere imanyny berkidiň

Adamlaryň Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere imanyny berkidiň

Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler Ýehowany razy etmek üçin imanyny berkitmeli (Ýew 11:6). «Ebedi ýaşaň!» kitaby okuw geçýäniň ýüregine täsir etmäge kömek edýär. Täze kitapdaky esasy aýatlar, ýönekeý hem düşnükli ýazylan pikirler, oýlandyryjy soraglar, täsirli wideolar we owadan suratlar arkaly adamyň imanyny berkidip bileris. Okuw geçýänlerimize ýagşy häsiýetleri ösdürmäge we Hudaý bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek etsek, olar ot ýaly synaglarda-da berk durarlar (1Kr 3:12—15).

Käbirleri göze görünmeýän Hudaý bilen dostlaşyp bolmaz öýdýär. Biz olara Ýehowany tanamaga, ajaýyp häsiýetlerini bilmäge we oňa ýürekden bil baglamaga kömek etmeli.

«„EBEDI ÝAŞAŇ!“ KITABY ARKALY ADAMLARYŇ ÝEHOWA HUDAÝA IMANYNY BERKIDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Uýanyň sapaga öňünden taýýarlanandygy nämeden görünýär?

  • Uýa okuw geçýänine Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okadyp, pikirini bilmek üçin haýsy soraglary berdi?

  • Okuw geçýän gyza wideo we aýatlar nähili täsir etdi?

Köp adamlar Isa pygamberiň töleg gurbany hakda bilmeýärler ýa-da Hudaýyň töleg gurbany arkaly günälerini bagyşlaýandygyna ynanmaýarlar (Gal 2:20). Biz okuw geçýänlerimize Isanyň töleg gurbanyna imanyny berkitmäge kömek etmeli.

«„EBEDI ÝAŞAŇ!“ KITABY ARKALY ADAMLARYŇ ISA PYGAMBERE IMANYNY BERKIDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Doganyň sapaga öňünden taýýarlanandygy nämeden görünýär?

  • Dogan «Köpräk biliň» diýen bölümi nädip ökdelik bilen ulandy?

  • Okuw geçýäniň bilen Ýehowa doga etmek näme üçin wajyp?