Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýurtda dawa-jenjel tursa näme etmeli?

Ýurtda dawa-jenjel tursa näme etmeli?

Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, syýasy dawalar, terrorçylyk we uruşlar köp bolýar (Ylh 6:4). Öňümizde boljak synaglara nädip taýýarlanmaly?

  • Ýehowa imanyňyzy berkidiň. Bitaraplygy saklar ýaly, Ýehowa we guramasyna bil baglamaga kömek edýän aýatlary, wakalary okaň (Nak 12:5; jr bap 10, abz. 23, 24). Dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşyň. Häzir muny etmegiň tüýs wagty! (1Pe 4:7, 8).

  • Gerek-ýarak zatlary taýýarlap goýuň. Öýüňizde howpsuz ýeri we zerur bolaýjak zatlary taýýarlaň. Öýden gitmeli bolsaňyz, nirä we nädip barjakdygyňyzy öňünden çözüň. Betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkaňyzy barlaň, goranmak üçin agyz-burun örtükleri, ellik ýaly zatlary we puly salyň. Ýygnak ýaşululary bilen nädip habarlaşyp boljakdygyny biliň. Siz bilen habarlaşar ýaly, olara gerek maglumatlary aýdyň (Işa 32:2; g17.5 sah. 3—7).

Betbagtçylyk döwri Ýehowa doga ediň, Mukaddes Kitaby okaň, ýygnak duşuşyklaryndan galmaň (Flp 1:10). Zerur bolmasa, bir ýerden başga ýere göçmäň (Mat 10:16). Jomart boluň, iýmit we başga gerek-ýarak zatlaryňyzy ýanyňyzdakylar bilen paýlaşyň (Rim 12:13).

«SIZ BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARMY?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ýehowa bize betbagtçylyk döwri nädip kömek edýär?

  • Betbagtçylyga taýynlanmak üçin nämeleri etmeli?

  • Betbagtçylykdan ejir çekenlere nädip kömek edip bileris?