Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyzda ýaňy-ýakynda bolan wakalary agzaň

Wagyzda ýaňy-ýakynda bolan wakalary agzaň

Isa pygamber Hudaý barada öwredende, bolan wakalary agzaýardy (Luk 13:1—5). Adamlar hoş habary diňlär ýaly, sizem wagyz edeniňizde ýakynda bolan wakalary aýdyp bilersiňiz. Gymmatçylyk, tebigy betbagtçylyk, neşekeşlik, adamlaryň gozgalaň turuzmagy ýaly zatlardan gürrüňe başlap, şeýle sorag beriň: «Haçanam bolsa şu zatlaryň soňy gelermikä?» ýa-da «Muny kim aýryp biler?» Soňra gürrüň eden temaňyza degişli aýady okaň. Adam gyzyklansa, «Okuw esbaplaryndan» bir wideony ýa-da edebiýaty görkeziň. Geliň, «hoş habary wagyz edenimizde» adamlaryň ýüregine täsir etmäge jan edeliň (1Kr 9:22, 23).

Ýaşaýan ýeriňizde adamlary näme biynjalyk edýär?