Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowanyň sizi söýýändigine şübhelenmäň

Ýehowanyň sizi söýýändigine şübhelenmäň

Mukaddes Kitapda: «Ýehowa halkyna guwanýar» diýilýär (Zb 149:4). Biz bikämil bolsak-da, Ýehowa gowy häsiýetlerimize üns berýär. Emma käte biz: «Meniň ýekeje-de gowy häsiýetim ýok!» diýip pikir etmegimiz mümkin. Daş-töweregimizdäki adamlar bizi kemsitse, özümizi hasam dereksiz duýup bileris. Biz öňki eden ýalňyşlyklarymyz sebäpli Ýehowanyň bizi söýýändigine şübhelenip bileris. Şeýle ýagdaýda bize näme kömek eder?

Ýehowanyň garaýşynyň adamyňkydan tapawutlanýandygyny ýatdan çykarmaň (1Şm 16:7). Ol hatda biziň görüp bilmeýän gowy häsiýetlerimizi hem görýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bize nähili garaýandygy barada aýdylýar. Biz Mukaddes Kitapdaky aýatlary hem-de wakalary okap oýlansak, Ýehowanyň gullukçylaryny çäksiz söýýändigine göz ýetireris.

«ÝEHOWA BIZI ÝÜREGIMIZDEN HAS GOWY TANAÝAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ylgaw ýaryşyna gatnaşýan türgen bilen kakasy hakdaky mysaldan Ýehowa barada näme öwrenýäris?

  • Agyr günä eden adam Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek üçin gerekli ädimleri äden bolsa, Hudaýyň ondan razydygyna näme üçin ynamly bolup biler? (1Ýh 3:19, 20)

  • Dawut we Ýehoşapat patyşa barada okap oýlanmagy dogana nähili peýda berdi?