MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Imandan dänenlerden seresap boluň
Şeýtan we onuň yzyna eýerýänler köplenç hakykat bilen ýalany garyp, imanymyzy gowşatjak bolýarlar (2Kr 11:3). Meselem, assiriýalylar Ýehowanyň halkyny gorkuzmak üçin hakykaty ýoýup, ýalan sözlediler (2Tr 32:10—15). Şu günler hem imandan dänenler şeýle usul ulanýar. Olaryň ýaýradýan gep-gürrüňleri edil zäher ýaly. Biz olaryň ýazýan zatlaryny okap ýa-da jogap berip, aldanmaly däl. Şeýle-de imandan dänenleriň ýaýradýan gürrüňlerini başgalara aýtmaly däl. Ýehowa Hudaýa we onuň guramasyna şübhe döredýän zatlary okamaň, diňlemäň we görmäň! (Ýhd 3, 4).
«IMANYŇYZ ÜÇIN GAÝDUWSYZ GÖREŞIŇ!» DIÝEN WIDEODAN PARÇANY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Interneti ulananymyzda näme üçin seresap bolmaly?
-
Rimliler 16:17-däki maslahata nädip eýerip bileris?