MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Mukaddes Kitabyň ses ýazgysy
Mukaddes Kitabyň «Täze dünýä terjimesiniň» ses ýazgysy köp dillerde çykaryldy. Ses ýazgyda her gahrymanyň sözleri aýratyn ses bilen okalýar. Mukaddes Kitabyň ses ýazgysy taýýarlananda gahrymanlaryň duýgularynyň gowy beýan edilmegine köp üns berildi.
Mukaddes Kitabyň ses ýazgysynyň peýdasy. Köpler ses ýazgyny diňlemegi gowy görýär, sebäbi ol Mukaddes Kitapdaky wakalary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Her gahrymanyň sözleri aýratyn ses bilen okalanda, Mukaddes Kitaba has gowy düşünip bolýar (Nak 4:5). Käbirleri bolsa gaýgy-alada basanda, Mukaddes Kitabyň ses ýazgysyny diňläp, göwni rahatlyk tapýar (Zb 94:19).
Hudaýyň Sözi we onuň sesli okalyşy durmuşymyza güýçli täsir edip bilýär (2Tr 34:19—21). Eger düşünýän diliňizde Mukaddes Kitabyň käbir bölekleriniň ýa-da tutuşlygyna ses ýazgysy bar bolsa, ony diňläp bilersiňiz.
«MUKADDES KITABYŇ SES ÝAZGYSYNYŇ TAÝÝARLANYŞY» DIÝEN WIDEODAN PARÇANY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:
Mukaddes Kitabyň ses ýazgysynyň taýýarlanyşy size nähili täsir edýär?