MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa «ýetimleriň atasy»
Köp ýaşlar Ýehowa bilen dostlaşyp, oňa gulluk etmek kararyna gelýär (Zb 110:3). Mähriban ýaşlar, Ýehowa siziň her biriňiziň aladaňyzy edýär. Ol siziň duş gelýän kynçylyklaryňyz hakda bilýär we kömek etjekdigini söz berýär. Eger siz ejesiz ýa kakasyz ulalan bolsaňyz, Ýehowanyň «ýetimleriň atasydygyny» unutmaň (Zb 68:5). Maşgalaňyzda nähili kynçylyklar bolsa-da, Ýehowanyň berýän terbiýesi bilen ählisine döz gelip bilersiňiz (1Pe 5:10).
«IMANYŇYZ ÜÇIN GÖREŞIŇ! EJESIZ ÝA KAKASYZ ULALAN ÇAGALAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Tammi, Çarlz we Jimmiden näme öwrendiňiz?
-
Zebur 27:10-daky sözler ejesiz ýa kakasyz ulalan çagalara nädip göwünlik berip biler?