102-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)
1. Biz näme üçin adamlara kömek etmeli?
(10 min)
Adamlara kömek etsek bagtly bolarys (Zb 41:1; w18.08 sah. 22, abz. 16—18)
Ýagşylyk edýänlere Ýehowa-da ýagşylyk edýär (Zb 41:2—4; w15 15/12 sah. 24, abz. 7)
Adamlara kömek edenimizde Ýehowany şöhratlandyrýarys (Zb 41:13; Nak 14:31; w17.09 sah. 12, abz. 17)
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Ýygnakdaky dogan-uýalaryň haýsysyna JW Library programmasyny has gowy ulanmaga kömek edip bilerin?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min)
-
Zb 40:5—10. Dawudyň dogasyndan Ýehowanyň hökümdarlygy hakda näme öwrenýäris? (it «Ýehowa»)
-
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min) Zb 40:1—17 (th sapak 12)
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Keýpi gowy adam bilen gürrüňdeşlige başla (lmd sapak 2, abz. 3).
5. Gürrüňdeşlige başlaň
(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýüzi soluk adam bilen gürrüňdeşlige başla (lmd sapak 3, abz 5).
6. Şägirt taýýarlaň
(5 min) lff sapak 14, sözb. 6. Ýygnakda jogap bermäge çekinýän adam bilen «Köpräk biliň» bölümdäki «Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyryň» atly makalanyň esasynda gürrüňdeş bol (th sapak 19).
138-nji aýdym
7. Gartaşan dogan-uýalaryň gadyryny biliň
(15 min) Söhbetdeşlik.
Ýehowa garryja dogan-uýalaryň ýygnakda edýän işleriniň gadyryny bilýär. Bizem Ýehowadan görelde almaly (Ýew 6:10). Olar ýyllar boýy dogan-uýalara köp zatlary öwretdiler, tälim berdiler we ruhlandyrdylar. Belki-de, gartaşan dogan-uýalar size-de kömek edendir. Olaryň edýän işleriniň gadyryny bilmek üçin näme edip bilersiňiz?
«Imandaşlara ýagşylyk edeliň» diýen wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:
-
Ji-Hoon dogan Ho-jin dogandan näme öwrendi?
-
Gartaşan dogan-uýalaryň näme üçin gadyryny bilmeli?
-
Rehimdar samariýaly adamdan näme öwrenýäris?
-
Ji-Hoonyň Ho-jin dogana kömek etmek üçin başga dogan-uýalary çagyrany näme üçin gowy boldy?
Ýygnagyňyzdaky garry dogan-uýalar hakda oýlanyň, şonda olaryň nämä mätäçdigini bilip, kömek edip bilersiňiz (Ýak 2:15, 16).
Galatýalylar 6:10-ny oka. Soňra şu soragy ber:
-
Ýygnagyňyzdaky garry dogan-uýalara nädip «ýagşylyk edip» bilersiňiz?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min) bt bap. 10, abz. 1—4 we sah. 79, çarçuwa