87-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)
1. «Zalym adamlar üçin janyňy ýakma»
(10 min)
Biz zalym adamlar ýaňa ejir çekýäris (Zb 36:1—4; w17.04 sah. 10, abz. 4)
Ýamana ýamanlyk bilen gaýtargy berseňiz, özüňize zyýan ýetirersiňiz (Zb 37:1, 7, 8; w22.06 sah. 10, abz. 10)
Ýehowanyň wadalaryna ynansak, kalbymyz rahat bolar (Zb 37:10, 11; w03 1/12 sah. 13, abz. 20)
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Täzeliklerde aýdylýan erbet habarlary gaýta-gaýta görüp howsala düşýärinmi?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min)
-
Zb 36:6. Mezmurçynyň «adalatyň beýik daglar kimindir» diýen sözleri nämäni aňladýar? (it «Dag»)
-
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min) Zb 37:1—26 (th sapak 10)
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. (lmd sapak 1, abz. 5)
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Öň Mukaddes Kitap okuwyna razylaşmadyk adama ýene okuw geçmegi teklip et (lmd sapak 9, abz. 4).
6. Nutuk
(5 min) (w21.12 sah. 18, abz. 8—10). Tema: Ýehowa nädip gerek zadymyzy ýetirýär? (th sapak 13)
33-nji aýdym
7. «Agyr günlere» taýyn boluň!
(15 min) Söhbetdeşlik.
Tebigy betbagtçylyklar we ýurtda bolýan gozgalaňlar sebäpli bütin dünýädäki dogan-uýalar köp zadyndan mahrum boldular, hatda dogan-garyndaşlary hem aradan çykdy (Zb 9:9, 10). Gynansak-da, betbagtçylyklar biziňem başymyza düşüp biler. Şonuň üçin biz «agyr günlere» häzirden taýýar bolmaly.
Betbagtçylyk bolanda a aman galar ýaly näme edip bileris?
-
Betbagtçylyk bolmaz öýtmäň. Betbagtçylyk hemme adamlaryň başyna inip bilýär. Şonuň üçin näme etjekdigiňizi öňünden çözüň. Howp abananda öýüňizi we bar zadyňyzy taşlap gaçmaga taýyn boluň. Şeýtseňiz, paýhasly hereket edip, hem öz janyňyzy, hem başgalaryň janyny halas edersiňiz (1Ms 19:16; Zb 36:9). Bardy-geldi köp zadyňyzdan mahrum bolsaňyzam, gynanyp ruhdan düşmersiňiz (Zb 37:19).
-
Imanyňyzy berkidiň. Ýehowanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigine we goldajakdygyna ynanyň (Zb 37:18). Heniz betbagtçylyk bolmanka, Ýehowanyň görkezme berjekdigi, bar zadymyzdan mahrum bolsagam, aladamyzy etjekdigi hakda wagtal-wagtal oýlanyp duruň (Ýer 45:5; Zb 37:23, 24).
Ýehowanyň ähli wadalaryny berjaý etjekdigine iman etsek, ol «agyr günümizde gala kimin gorar» (Zb 37:39).
«Siz betbagtçylyga taýýarmy?» diýen wideony görkez. Soňra şeýle soraglary ber:
-
Betbagtçylyk bolanda Ýehowa bize nädip kömek edýär?
-
Betbagtçylyga taýýar bolmak üçin näme etmeli?
-
Betbagtçylykda ejir çekenlere nädip kömek edip bileris?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min) bt bap 9, abz. 8—16
Jemleýji sözler (3 min) |
a «Oýanyň!» žurnalynyň 2017-nji ýylda çykan 5-nji sanynyň 4—6 sahypalaryna serediň.