Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 6—10

Eýýup pygamber derdini aýdýar

Eýýup pygamber derdini aýdýar

Eýýup pygamber hiç zatsyz galyp, hasrat çekse-de, agyr kesele uçrasa-da, Hudaýa wepaly galdy. Şol sebäpli Şeýtan Eýýup pygamberi Hudaýa wepaly galmaz ýaly göwnüçökgünlige iterjek boldy. Onuň 3 «dosty» ýanyna gelip, göz üçin gynanç bildiren bolýarlar. Soňra olar 7 günläp onuň ýanynda oturýarlar, ýöne teselli bermek üçin ýekeje sözem aýtmaýarlar. Üstesine-de, ony günäkärleýärler we aýyplaýarlar.

Eýýup pygamber başyna inen betbagtçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly galdy

6:3; 7:16; 9:20—22; 10:1, 12

  • Eýýup gaýgy-hasrat çekýändigi üçin nädogry garaýyşda bolýar. Ol ýalňyşyp, Hudaýa wepaly galsamam, galmasamam Oňa tapawudy ýok diýip pikir edýär.

  • Ol ruhdan düşendigi üçin başga näme sebäpden ejir çekýändigi barada oýlanmaýar.

  • Eýýup pygamber kän ejir çekse-de, özüni günäkärlän adamlara Ýehowany söýýändigini aýdýar.