Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ESTER 6—10

Ester Ýehowa we onuň halky üçin janyny aýamady

Ester Ýehowa we onuň halky üçin janyny aýamady

Ester batyrgaýlyk bilen Hudaýyň halky üçin janyny aýamady

8:3—5, 9

  • Ester bilen Mordekaý halas boldy. Emma Hamanyň ýehudylary gyrmak baradaky permany imperiýanyň ähli künjegine ugradylypdy.

  • Ester patyşanyň ýanyna ikinji sapar çakylyksyz baryp, janyny howp astyna salýar. Ol aglap, patyşadan elhenç permanyny ýatyrmagy ýalbarýar.

  • Patyşanyň çykaran kanunyny ýatyryp bolmaýardy. Şol sebäpli patyşa Ester bilen Mordekaýa täze perman çykarmaga ygtyýar berýär.

Ýehowa halkyna ýeňiş berdi

8:10—14, 17

  • Täze perman ýehudylara özüni goramaga hukuk berdi.

  • Imperiýanyň ähli künjegine çaparlar ýollanýar we ýehudylar söweşe taýýarlyk görýär.

  • Köp adamlar Hudaýyň kömek edýändigine göz ýetirip, ýehudylara goşulýarlar.