Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

Myhmanlary güler ýüz bilen garşylalyň!

Myhmanlary güler ýüz bilen garşylalyň!

Mart aýynyň 23-ne geçiriljek Ýatlama agşamyna 12 milliona golaý ýa-da ondan gowrak myhmanlaryň gelmegine garaşýarys. Şonda gelen myhmanlar üçin Ýehowanyň sowgady bolan töleg gurbany we adamlaryň gelejekde aljak käbir bereketleri baradaky nutugy diňlemek gowy güwälik bolar (Iş 11:6—9; 35:5, 6; 65:21—23; Ýah 3:16). Emma şol wajyp günde diňe nutuk bilen çykyş edýän dogan güwälik etmeýär. Biziň ählimiz myhmanlary güler ýüz bilen garşy alyp bilýäris (Rm 15:7). Käbir maslahatlara seredeliň.

  • Ýatlama agşamynyň başlaryna garaşyp, ýerimize geçip oturman, myhmanlary we yhlasy gowşan wagyzçylary mähirli garşylalyň.

  • Siz çagyran tanyşlaryňyza aýratyn üns berşiňiz ýaly, başga gelen myhmanlara-da ünsli boluň. Gyzyklanýan adam bilen bile oturyň. Olara öz Mukaddes Ýazgyňyzdan we aýdym kitabyňyzdan yzarlamaga kömek ediň.

  • Nutukdan soň käbir soraglara jogap bermäge taýýar boluň. Eger adamyň wagty çäkli bolsa, onda onuň bilen birki günden duşuşyp biljekdigiňizi aýdyň. Eger ol size telefon belgisini bermese, onda: «Men siziň Ýatlama agşamy barada pikiriňizi bilmek isleýärin. Siziň bilen nädip habarlaşyp bilerin?» diýip bilersiňiz.