Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 1—5

Eýýup pygamber synagda wepaly galdy

Eýýup pygamber synagda wepaly galdy

Eýýup pygamber ysraýyllylar Müsür gulçulygyndaka Uzda ýaşaýardy. Ol ysraýylly bolmasa-da, Ýehowa wepaly gulluk etdi. Ol örän baý, abraýly adamdy we uly maşgalasy bardy. Eýýup pygamber gowy maslahatçy we adalatly kazydy. Ol mätäçlere we garyplara kömek edýärdi. Hawa, Eýýup pygamber Hudaýa wepaly adamdy.

Eýýup pygamber Ýehowany razy etmegi ähli zatdan ileri tutýardy

1:8—11, 22; 2:2—5

  • Şeýtan Eýýup pygamberiň wepalylygyna üns berýär. Ol Eýýubyň Ýehowa gulak asýandygyny inkär etmedi; onuň niýetine müňkürlik etdi.

  • Şeýtan Eýýuby öz bähbidi üçin Ýehowa gulluk edýär diýip aýyplady.

  • Ýehowa Şeýtanyň atan töhmetine jogap bermek üçin, wepaly pygambere onuň topulmagyna ýol berdi. Şeýtan Eýýubyň başyna agyr betbagtçylyk inderdi.

  • Eýýup Hudaýa wepaly galýar; şonda Şeýtan ähli adamlaryň wepalylygyna müňkürlik edýär.

  • Eýýup pygamber günä etmedi ýa-da betbagtçylyklar üçin Hudaýy günäkärlemedi.