Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK

Töleg gurbany direlişe ýol açdy

Töleg gurbany direlişe ýol açdy

Biz Ýatlama agşamynda gelejekde aljak bereketlerimiziň biri, ýagny töleg gurbanynyň direlişe ýol açandygy barada oýlanyp bilýäris. Ýehowa adamlaryň asla ölmegini islemeýärdi. Şol sebäpli iň ýakyn adamlarymyzy ýitirenimizde bize gaty agyr degýär (1Kr 15:26). Isa hem Lazar ölende şägirtleriniň aglaýşyny görüp gynandy (Ýah 11:33—35). Ol Atasynyň kämil göreldesine eýerýärdi. Şol sebäpli ýakynlarymyzy ýitirip, hasrat çekenimizde Ýehowanyň hem gynanýandygyna ynanyp bileris (Ýah 14:7). Ýehowa gullukçylaryny direltjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar; biz hem garaşmaly (Eýp 14:14, 15).

Ýehowa tertipli Hudaýdygy üçin, direlişiň öz wagtynda boljakdygyna şek-şübhe ýok (1Kr 14:33, 40). Şonda adamlar ýas tutmak üçin däl-de, direlen adamlary garşy almak üçin üýşerler. Sen, esasanam, hasrat çekeniňde direliş barada oýlanýarmyň? (2Kr 4:17, 18). Sen Ýehowa töleg gurbanyny berendigine we Mukaddes Ýazgylar arkaly ölen adamlaryň direljekdigini bilendigiňe minnetdar bolýarsyňmy? (Kl 3:15).

  • Sen dostlaryňdan we ýakynlaryňdan hasam kimleri görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň?

  • Sen Hudaýyň gullukçylaryndan kim bilen tanşyp, gepleşmek isleýärsiň?