Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany nädip ulanmaly?

«Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany nädip ulanmaly?

«Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýura Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam bilen her sapagyň başynda ýa-da soňunda pikir alyşmak üçin niýetlenen *. Onuň 1-den 4-nji sapaklary okuw geçýäni Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanyşdyrýar, 5-den 14-nji sapaklary olara biziň edýän işlerimiz barada bilmäge kömek edýär, 15-den 28-nji sapaklarynda bolsa guramamyzyň edýän işleri barada gürrüň berilýär. Adatça, sapaklara yzygider seredilse gowy bolýar. Emma adamy broşýuranyň başga bir temasy gyzyklandyrsa, onda şol tema seredip bilersiňiz. Her sapak bir sahypada ýerleşip, köplenç ony 5-10 minudyň dowamynda pikir alyşsa bolýar.

  • Adamyň ünsüni sapagyň adyna, ýagny soraga gönükdir.

  • Sapagy okuw geçýän adam bilen doly ýa-da bölüp oka.

  • Okan zadyňyz barada pikir alyş. Sapagyň soňundaky soraglary ber we suratlara ünsüni çek. Ýerlikli bolsa, getirilen aýatlary okap pikir alyş. Şeýle-de goýy harplar bilen ýazylan sözbaşylaryň sapagyň ady hökmünde getirilen soraga jogap berýändigini nygtap geç.

  • Eger ol ýerde «Goşmaça maglumat» bar bolsa, ony bile okap, okuw geçýän adamy ondaky maslahatlara eýermäge höweslendir.

^ abzas 3 Broşýuranyň täzelenen görnüşini Ýehowanyň Şaýatlarynyň web-saýtyndan tapyp bilersiňiz.