MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Hudaýa gulak asyň» atly broşýurany nädip ulanmaly?
«Hudaýa gulak asyň» atly broşýura okap bilmeýän adamlara suratlaryň kömegi bilen Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwretmek üçin niýetlenen. Her sapak iki sahypadan ybarat bolup, onda ýörite saýlanan suratlar bar. Sapagy suratlar boýunça yzygider geçmek üçin ugur görkezýän belgi goýlan.
«Hudaýa gulak asyň, ebedi ýaşaň» hem-de «Hudaýa gulak asyň» atly broşýuralaryň ikisinde-de şol bir suratlar bar. Emma «Hudaýa gulak asyň, ebedi ýaşaň» atly broşýuranyň sözleri köp we ondan biraz okap bilýän adamlara-da sapak geçse bolýar. Wagyzçy okuw geçende «Hudaýa gulak asyň, ebedi ýaşaň» atly broşýurany, okuw geçýän bolsa «Hudaýa gulak asyň» atly broşýurany ulanýar. Bu broşýuranyň köp ýerinde goşmaça maglumatly çarçuwalar bar we olara okuw geçýän adamyň ýagdaýyna görä seredip bilersiňiz.
Biz şu aý wagyzda nähili broşýurany teklip etsek-de, bu broşýuralaryň islendigini teklip edip bileris. Okuw geçireniňizde bolsa, Mukaddes Ýazgylardaky wakalary düşündirmek üçin suratlary ulanyň. Okuw geçýän adam gürrüňdeşlige gatnaşar ýaly we onuň sapaga düşünendigine göz ýetirer ýaly soraglary beriň. Her sahypanyň aşagynda getirilen aýatlary okap, pikir alşyň. Bu broşýurany geçip gutaranyňyzdan soň, okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek etmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitapdan sapak geçip bilersiňiz.