Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 12—16

Ysraýyllylar Ýehowany unutdy

Ysraýyllylar Ýehowany unutdy

Ýermeýa pygambere Ýehowanyň Ýahudanyň we Iýerusalimiň halkynyň tekepbirligini aýyrjakdygyny görkezýän kyn ýumuş tabşyrylypdy.

Ýermeýa pygamber zygyrdan edilen guşak satyn aldy

13:1, 2

  • Biliňe daňylýan guşak, Ýehowa bilen Ysraýyl halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşygy aňladýardy.

Ýermeýa pygamber guşagy Perat derýasyna alyp gitdi

13:3—5

  • Ol ony gaýanyň çat açan ýerinde gizläp, soňra Iýerusalime dolandy.

Ýermeýa pygamber guşagy gazyp almak üçin ýene-de Perat derýasyna bardy

13:6, 7

  • Guşak çüýräpdi.

Ýermeýa pygamber ýumşy ýerine ýetirensoň, Ýehowa oňa tabşyrygy näme üçin berendigini düşündirdi

13:8—11

  • Ýermeýa pygamberiň ýönekeý ýaly bolup görünýän ýagdaýlarda-da gulak asmagy bilen Ýehowa halka wajyp hakykaty aýdyň düşündirdi.