Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hudaýa we ýakynyňa bolan söýgini nädip ösdürmeli?

Hudaýa we ýakynyňa bolan söýgini nädip ösdürmeli?

Mesihçiler Musa pygamberiň kanuny boýunça ýaşamaýarlar. Ýöne Ýehowa Kanundaky şu iň wajyp iki tabşyrygy berjaý etmegimizi talap edýär: Hudaýy we ýakynyňy söýmeli (Mt 22:37—39). Şeýle söýgi öz-özünden döremeýär. Onda ony nädip ösdürmeli? Munuň üçin her gün Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowanyň häsiýetleri barada oýlanmaly. Şonda Onuň «gözelligine» syn edip bileris (Zb 27:4). Netijede, Ýehowa bolan söýgimiz artar we Hudaýyňky ýaly garaýyşda bolmagy öwreneris. Bu bolsa bizi Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmäge we janaýamaz söýgini artdyrmaga höweslendirer (Ýah 13:34, 35; 1Ýah 5:3). Aşakda Mukaddes Ýazgylary höwes bilen okamaga kömek edýän üç maslahat berilýär:

  • Göz öňüne getirmek we duýmak ukybyňyzy ulanyň. Okaýan zadyňyzy göz öňüne getiriň. Näme görýärsiňiz, eşidýärsiňiz we nähili ys alýarsyňyz? Ondaky gahrymanlar özlerini nähili duýýarlar?

  • Başga usuly ulanyň. Käbir maslahatlar: Sesli okaň ýa-da audioýazgylary diňläniňizde, Ýazgylardan yzarlaň. Baplary yzly-yzyna däl-de, onuň bir parçasyny ýa-da wakany okap bilersiňiz. Meselem, «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesindäki» goşmaça maglumatda (A7 ýa-da B12) Isa barada gürrüň berilýär. Her günki okalýan aýady tutuş baby bilen we Mukaddes Ýazgylaryň kitaplaryny tertibi boýunça okaň.

  • Düşünip okaň. Birnäçe baby okamagyň deregine, günde bir baby düşünip okamak we okan zatlaryň barada oýlanmak has peýdalydyr. Muny nädip etmeli? Jikme-jikliklere üns beriň, kartalary ulanyň we goşmaça aýatlary okaň. Azyndan düşünmeýän bir pikiriňiz barada gözleg geçiriň. Mümkin bolsa, okamaga näçe wagt sarp etseňiz, oýlanmaga-da şonça wagt sarp ediň.