«Oýa boluň»
Isanyň on gyz baradaky mysaly mesh edilen mesihçilere degişli bolsa-da, ondan ähli mesihçiler hem peýda alyp bilýär (w15 15/3 sah. 12—16). Injilde: «Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz onuň haýsy gün ýa-da haýsy sagat boljakdygyny bilmeýärsiňiz» diýilýär (Mt 25:13). Siz Isanyň mysalynyň manysyny düşündirip bilersiňizmi?
-
Öýlenýän ýigit (1-nji aýat)—Isa
-
Paýhasly hem taýýarlyk gören gyzlar (2-nji aýat)—mesh edilen mesihçiler. Olar özüne berlen tabşyrygy wepaly ýerine ýetirýärler we dünýäniň soňuna çenli yşyk kimin nur saçýarlar (Fp 2:15).
-
«Öýlenýän ýigit gelýär!» (6-njy aýat)—Isanyň gelmeginiň alamaty
-
Akylsyz gyzlar (8-nji aýat)—mesh edilen mesihçiler. Olar öýlenýän ýigidi garşylamaga çyksalar-da, oýa bolmadylar we wepaly galmadylar.
-
Paýhasly gyzlar ýagyny bermek islemediler (9-njy aýat)—iň soňky möhür basylandan soň, wepaly mesh edilenler wepaly bolmadyk mesihçilere kömek edip bilmezler.
-
«Öýlenýän ýigit geldi» (10-njy aýat)—Isa tizden agyr muşakgatda höküm etmäge geler.
-
Paýhasly gyzlar öýlenýän ýigit bilen toý jaýyna girenlerinde, gapy ýapylýar (10-njy aýat)—Isa wepaly mesh edilenleri gökde ýygnar, emma wepaly galmadyklar gökdäki sylagyny ýitirer.