Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Okuw geçýänlere taýýarlanmagy öwredýäris

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Okuw geçýänlere taýýarlanmagy öwredýäris

NÄME ÜÇIN WAJYP? Eger okuw geçýän adam öňünden taýýarlansa, öwrenen zatlaryna has gowy düşünýär we ýadynda galýar. Bu oňa ruhy taýdan çalt ösmäge kömek eder. Hatda suwa çümdürileninden soňam, «oýa bolmak üçin» ol ýygnak duşuşyklaryna we wagza taýýarlanmaly (Mt 25:13). Gyzyklanýanlar nädip öwrenmelidigini bilseler we ony endik edinseler, bu olara bütin ömrüne peýda getirer. Şol sebäpli biz okuw geçýän adamlarymyza ilkibaşdan sapaga taýýarlanmak endigini ösdürmäge kömek etmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Gowy görelde görkeziň (Rm 2:21). Her sapaga taýýarlyk göreniňizde, gyzyklanýan adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutuň (km 15/11 sah. 3). Goý, ol siziň sapaga taýýarlanýandygyňyzy bellik edilen edebiýatyňyzdan görsün.

  • Okuw geçýän adamy taýýarlanmaga höweslendiriň. Yzygiderli okuw geçip başlan badyňyza, oňa öýde taýýarlanmagyň wajypdygyny we munuň peýdalydygyny düşündiriň. Taýýarlanmak üçin nädip wagt tapmalydygy barada peýdaly maslahatlary beriň. Käbir wagyzçylar taýýarlanmagyň peýdasyny görkezmek üçin, okuwyň dowamynda öz bellik eden edebiýatyny sapak geçýän adama ulanmaga berýärler. Eger ol sapaga taýýarlanan bolsa, öwgüli sözleri aýdyň.

  • Oňa nädip taýýarlanmalydygyny görkeziň. Käbir dogan-uýalar okuw geçýän adama sapaga nädip taýýarlanmalydygyny okuwyň dowamynda görkezýärler.