Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gürrüňdeşlik üçin teklipler

Gürrüňdeşlik üçin teklipler

●○○ ILKINJI GÜRRÜŇDEŞLIK

Ýatlama agşamyna çakylyk kampaniýasy (Mart 3—31): Biz sizi wajyp duşuşyga çagyrýarys we şu çakylygy bermek isleýäris. 31-nji martda hepdäniň şenbe güni bütin dünýäde millionlarça adamlar Isa pygamberiň ölümini ýatlamak üçin ýygnanyşýarlar. Çakylykda duşuşygyň wagty hem ýeri görkezilen. Şeýle-de biz sizi bu wakadan bir hepde öň boljak «Isa Mesih kim?» atly nutugy diňlemäge çagyrýarys (Bellik: Şu teklibi ýerli ýagdaýa görä ulanyp bilersiňiz).

Gyzyklandyrýan sorag: Isa pygamber näme üçin öldi?

○●○ BIRINJI GAÝTADAN IDEG

Sorag: Isa pygamber näme üçin öldi?

Aýat: Mt 20:28

Ideg üçin sorag: Töleg gurbanynyň bize nähili peýdasy bar?

○○● IKINJI GAÝTADAN IDEG

Sorag: Töleg gurbanynyň bize nähili peýdasy bar?

Aýat: Rm 6:23

Ideg üçin sorag: Biz töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?