Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Hat ýazýarys

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Hat ýazýarys

NÄME ÜÇIN WAJYP? 1 Korinfliler kitaby Pawlus resulyň imandaşlaryny ruhlandyrmak üçin ýazan 14 hatynyň biri. Haty ýazýan adamyň sözleri ünsli saýlamaga, ony alýan adamyň bolsa, haty gaýtalap okamaga mümkinçiligi bolýar. Hat arkaly garyndaşlaryňa we tanyş-bilişleriňe wagyz edip bolýar. Şeýle-de hatlar arkaly özi bilen gürleşip bolmaýan adamlara hem gowy wagyz edip bolýar. Meselem, gyzyklanan adamlaryň käbirini öýünde tapyp bolmaýar. Şeýle-de ýygnagymyzyň territoriýasyndaky käbir adamlaryň goralýan jaýlarda ýa-da daş ýerlerde ýaşaýandygy üçin, olara wagyz etmek kyn bolýar. Nätanyş adama hat ýazanymyzda nämäni ýatda saklamaly?

NÄDIP ETMELI?

  • Adam bilen görşeniňizde, oňa näme aýtmak isleýän bolsaňyz, şony-da hatyňyzda ýazyp bilersiňiz. Ilki bilen, özüňizi tanyşdyryň we näme üçin hat ýazýandygyňyzy aýdyň düşündiriň. Adam oýlanar ýaly sorag berip, web-saýtymyza salgylanyp bilersiňiz. Soňra Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin onlaýn sapaklar (häzir türkmençe ýok) hem-de öýünde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip bilýändigi barada aýdyň ýa-da öwrenilýän esbaplarymyzdan käbir baplaryň adyny ýazyň. Hatyňyz bilen jw.org kartoçkamyzy, çakylygy ýa-da bir kitapçany iberip bilersiňiz.

  • Haty gysgaça ýazyň. Ony alýan adam okap ýadamaz ýaly köp zat ýazmaň (8-nji sahypadaky nusgalyk hata serediň).

  • Hatyňyzyň ýalňyşsyz, arassa, mähirli äheňde hem-de hormat bilen ýazylandygyny barlaň.