Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Okuw geçýänleriňize wideolar arkaly öwrediň

Okuw geçýänleriňize wideolar arkaly öwrediň

Görkezme esbaplar adamyň öwrenýän zatlaryna ünsüni çekip, gowy düşünmäge we ýadynda saklamaga kömek edýär. Beýik mugallymymyz Ýehowa wajyp sapaklary öwretmek üçin görkezme esbaplary ulandy (Gelç 15:5; Ýer 18:1—6). Halypamyz Isa Mesih hem şeýdip öwredipdi (Mt 18:2—6; 22:19—21). Şeýle esbaplara wideolar hem degişli. Soňky ýyllarda olaryň hasam peýdalydygyny görse bolýar. Sizem okuw geçýänleriňize wideolar arkaly öwredýärsiňizmi?

«Hudaýyň hoş habary» atly broşýuradaky sapaklary öwretmäge kömek etmek üçin 10 sany wideo taýýarlanyldy! Her wideonyň ady broşýuradaky goýy harplar bilen ýazylan soraglaryň birine gabat gelýär. Broşýuranyň jw.org saýtymyzdaky elektron görnüşi wideolary haýsy sapakda görkezmelidigini ýatladýar. Şeýle-de öwretmek üçin niýetlenen beýleki edebiýatlarymyzdan okuw geçenimizde, başga-da wideolary ulansa bolýar.

Okuw geçýäniňiz Mukaddes Ýazgylardaky bir tema düşünmese näme? Ýa-da ol haýsydyr bir synaga düşýär. Şeýle ýagdaýda okuw geçýäniňize peýdaly boljak wideony jw.org saýtyndan ýa-da JW teleýaýlymyndan tapyp bilersiňiz. Belki, ony bilelikde görüp, pikir alşarsyňyz.

Her aýda täze wideolar çykarylýar. Olary göreniňizde, başgalara öwretmek üçin nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň.