Mart 16—22
1 MUSA 25, 26
149-njy aýdym we doga
Giriş sözler (1 min.)
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Ysaw nowbaharlyk hakyny satdy» (10 min.)
1Ms 25:27, 28. Ekiz doganlar Ysaw bilen Ýakup häsiýetlerinde we hünär saýlamakda biri-birinden tapawutlanýardylar (it «Ýakup»)
1Ms 25:29, 30. Ysaw açlygyndan ýaňa özüne erk edip bilmedi
1Ms 25:31—34. Gadyr bilmez Ysaw nowbaharlyk hakyny iýmit üçin satdy (w19.02 sah. 16, 17, abz. 11; it «Nowbahar»)
Ruhy dürdäneleri agtaryň (10 min.)
1Ms 25:31—34. Şu aýatlar Mesihiň gelip çykmaly nesliniň nowbaharlyk haky bilen baglanyşykly däldigini nädip subut edýär? (Ýew 12:16; w17.12 sah. 15, abz. 4—6).
1Ms 26:7. Yshak näme üçin ýalan sözledi? (it «Ýalan»)
Şu hepde okalýan aýatlardan Ýehowa, wagyz gullugy bilen bagly ýa-da başga nähili ruhy dürdäneleri tapdyňyz?
Mukaddes Kitaby okamak: 1Ms 26:1—18 (4 min. ýa-da ondan az) (th sapak 5)
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Birinji gaýtadan ideg üçin wideo (5 min.) Söhbetdeşlik. Wideony görkez we şu soraglary ber: adam soragyň jogabyny bilmese, ony oňaýsyz ýagdaýa salmakdan nädip gaça durup bileris? Wagyzçy Matta 20:28-nji aýat esasynda adam bilen nädip gowy gürrüňdeşlik etdi?
Birinji gaýtadan ideg (4 min. ýa-da ondan az) 1-nji sahypadaky teklibi sahnalaşdyr (th sapak 3).
Birinji gaýtadan ideg (4 min. ýa-da ondan az) 1-nji sahypadaky teklibi sahnalaşdyr. Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny teklip et ýa-da gaýtadan idege gepleş (th sapak 15).
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
40-njy aýdym
«Hudaýyň hoş habary» atly broşýuradan okuw geçeniňizde wideolary ulanyň (15 min.) Söhbetdeşlik. «Adam ölensoň, oňa näme bolýar?» we «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen wideolary görkez. Her wideony görkezensoň, şu soraglary ber: siz «Hoş habar» broşýurasyndan okuw geçeniňizde şu wideolary nädip ulanyp bilersiňiz? (mwb19.03 sah. 7). Wideodaky haýsy pikirler okuw geçeniňizde hasam peýdaly bolup biler? «Hoş habar» atly broşýuranyň elektron görnüşinde bardygyny we şoňa degişli wideolary görüp bolýandygyny ýatlat.
Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygy: jy bap 108 (30 min.)
Jemleýji sözler (3 min. ýa-da ondan az)
50-nji aýdym we doga